Türkmenistan we Özbegistan medeni hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekçi
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumynyň we
Özbegistanda öndürilýän harytlaryň sergisiniň çäklerinde wekiliýetleriň ýolbaşçy düzüminiň arasynda «Tegelek stoluň» başynda geçirile söhbetdeşlikde taraplar medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň hem geljegine ýokary baha berdiler. Şu gezekki forumyň we serginiň Özbegistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň dabaralaryna utgaşmagy hem özboluşly sazlaşygy emele getirdi. Bellenilişi ýaly, iki halk şu ýyl akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk dabaralaryny bilelikde belledi. Bu şanly sene mynasybetli türkmen we özbek kinematograflarynyň bilelikde surata düşüren filmi geljekdäki hyzmatdaşlygyň täze körpüsine öwrüldi. Taraplar muzeý işi, milli golýazmalary, umumy taryhy bilelikde öwrenmek babatynda hem hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýar.