SYÝASAT

Türkmenistan we BAE halkara portlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajypdygyny nygtadylar

Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Abu-Dabi şäherine resmi saparynyň dowamynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçirilen gepleşikleriň netijesinde kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada habar berilýär.  

«Taraplar ulag gatnawlarynyň iki döwletiň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, olar Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň halkara portlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň wajypdygyny nygtadylar» diýlip, resminamada beýan edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: