SYÝASAT

Türkmenistan we BAE energetika we himiýa pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürerler

Bu baradaky ylalaşyga Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Abu-Dabi şäherine eden resmi saparynyň dowamynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçirilen gepleşiklerde geldiler. Olaryň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada: «Taraplar ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp, her tarapyň bähbidini göz öňünde tutmak bilen özara peýdaly ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandyklaryny beýan etdiler. Olar şol ugurdaky mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de nebitgaz, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa we dikeldilýän energiýa ýaly, ileri tutulýan pudaklarynda bilelikdäki tagallalary artdyrmagy göz öňünde tutýandyklaryny beýan etdiler» diýlip bellenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: