Türkmenistan ukrain halkyna ynsanperwer kömegini ýollar
Türkmen halkynyň ynsanperwerlik däplerine esaslanyp, Türkmenistan şu ýylyň aprelinde ukrain halkyna ynsanperwer kömegini ýollar, diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habarynda beýan edilýär.
Ynsanperwer kömeginiň düzümi Türkmenistandan öndürilýän önümlerden durar. Olar, esasan, derman serişdeleri, Türkmenistanyň lukmançylyk senagatynyň beýleki önümleri hem-de dokma önümlerinden ybarat bolar.
Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan Türkmenistan beýleki halkara ynsanperwerlik kömegini yzygiderli berip gelýär. Aýratyn hem, Owganystana azyk we senagat harytlary yzygiderli iberilýär.