Türkmenistan TDG-a agza döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy
Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde Türki Döwletleriň Guramasyna agza
döwletleriň Baştutanlarynyň 11-nji sammiti geçirildi. Gyrgyz Respublikasynyň
Prezidenti Sadyr Žaparowyň başlyklyk eden sammitine Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Azerbaýjan
Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystan Respublikasynyň
Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti
Şawkat Mirziýoýew, şeýle hem guaram synçy bolan Wengriýanyň Premýer-
ministri Wiktor Orban gatnaşdy. Guramanyň synçy agzasy Türkmenistana
Gyrgyz Respublikasyndaky ilçi Nury Gölliýew wekilçilik etdi.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň täze “Yntymak-Ordo” döwlet
kabulhanasynda geçirilen sammitiň öňüsyrasynda gurama gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlary bilelikdäki surata düşdiler.
Soňra sammit öz işine dowam edip, onda guramanyň çäklerindäki ykdysady
hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk, sanly we
ekologiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada pikir alşyldy.
Bu sammitiň öňüsyrasynda ürki Döwletleriň Guramasyna agza döwletleriň
daşary işler ministrleriniň duşuşygy boldy. Bu duşuşykda Guramanyň çäginde oňa agza döwletleriň hemişelik wekilleriniň hereket etmegine degişli çözgüt
tassyklandy.