BIZE YAZYARLAR

Türkmenistan – suw serişdeleriniň goraglylygyny üpjün edýär.

Gahryman arkadagly, arkadag Serdarly ýurdumyzda suw serişdeleriniň aýawlulygy ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar. Ýurt baştutanlarymyzyň il-halkyny eşretli durmuşda ýaşatmak üçin irginsiz çekýän zähmetiniň netijesi ýene-de aýdyň duýuldy. Düýn Gahryman Arkadagymyz, Milli Liderimiz Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (GOP 16) çäklerinde
geçirilen “Bitewi suw” sammitine gatnaşdy we bu maslahatda suw serişdeleriniň
häzirki wagtdaky ýagdaýlary, buzluklaryň hereketi, howanyň gyzmaklygy baradaky giň göwrümli anyk maglumatlar bilen baýlaşdyrylan taryhy çykyşyny beýan etdi. Biziň ýurdumyzda çölleşmäge garşy göreşmek, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak, howanyň guraklaşmagyna garşy göreşmek üçin dürli çäreleri yzygiderli geçirip, durulmagy diňe biziň sebitimiz üçin dälde tutuş Merkezi Aziýanyň ýerlerine özüniň peýdaly täsirini ýetirýär bu bolsa, BMG-nyň “Çölleşmäge garşy göreşmek” atly konwensiýasyna goşýan uly goşandy bolup, durmak bilen hasaba alynýar. Ondan başgada suw serişdelerini aýawly ulanmak maksady bilen suwlary gaýtadan işleýän kuwwatly nana tehnologiýaly enjamlaryň ýurdumyzyň önümçiliginiň senagatynda doly ornaşdyrylmagy, duzly suwlaryň süýjedilip önümçiligiň görnüşlerinde ulanylýandygy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
“Bitewi suw” sammiti Durnukly ösüşiň maksatnamalarynyň biri bolan arassa agyz suwuna elýeterligi üpjün etmek bilen bagly bolmagy, bu barada biziň ýurdumyzda uly işler yzygiderli ýerine ýetirilýär. Munuň aýdyň subutnamasy häzirki wagtda her bir welaýatymyzda, kä bir etraplarda kuwwatly öndürjiligi ýokary arassa agyz suwy bilen üpjün edýän kärhanalarymyzyň hereket etmegi bolup durýar.
Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan geçirilýän çärelere
we ýerine ýetirilýän maksatnamalara öz tarapyndan yzygiderli gatnaşýar we ýurt
baştutanlarymyzyň bu maksatnamalaryň çäklerinde alyp barýan işleri uly goldawa
mynasyp bolýar. Bu bolsa biziň her birimizi şeýle eşretli, asuda, dost doganlygy
goldaýan, bütin dünýäde beýik abraýa mynasyp ýurtda ýaşaýanlygymyza,
işleýänligimize buýsanmaga ýardam berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly
Serdarymyzyň il-ýurt ähmiýetli, bütin dünýä bähbitli işleri mundan beýläkde diňe
rowaçlyklara beslensin! Olaryň janlary sag, ömri uzak bolsun!

Ýagmyrowa Jahan Atajanowna

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat Tehniki orta hünär okuw
mekdebiniň “Suw üpjünçiligi we lagym suwlary akdyryş” hünäriniň mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: