JEMGYÝET

Turkmenistan: Sürüjiler bäsleşdiler

Türkmenabat şäherinde awtoulaglaryň sürüjileriniň arasynda bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň «Türkmenawtoulaglary» agentligi bilen bilelikde geçiren çäresine awtoulaglary kärhanalarynda zähmet çekýän ýeňil we ýük awtoulaglary awtoulaglarynyň sürüjileri gatnaşdylar.
Onda ýolagçy gatnadýan sürüjileriň arasynda «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjileri Azat Rahmedow birinji, Wepa Botaýew ikinji, Setdar Sultanow üçünji orunlara mynasyp boldular. Şeýle hem, «Türkmenabatawtoulag» kärhanasynyň ýük çekýän sürüjisi Baýram Mämmetjumaýew birinji, 22-nji ýol gurluşyk edarasynyň işgäri Eziz Öwezow ikinji, «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň işgäri Orunbaý Artykow üçünji orunlary eýelediler.
Ýeňijiler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglanyldylar hem-de bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: