SUNGAT ADAMLARY

Türkmenistan sungatynda  – ganatly atlar

Müňýyllyklardan dowam edip gelýän halk seleksiýasynyň netijesinde türkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewleriniň at-abraýy bu günki gün görlüp-eşidilmedik derejelere eýe boldy. Biziň bedewlerimizi bütin dünýäde tanaýarlar we gowy görýärler. Gözelligiň we ajaýyplygyň nusgasy bolan ahalteke bedewlerine bagyşlanyp birnäçe çeper eserler, şekillendiriş we dekoratiw-amaly sungat eserleri, poligrafiýa, dizaýn eserleri döredilýär.

2010 – njy ýylda Aşgabatda ahalateke bedewleriniň Halkara Assosiasiýasy merkezi bilen döredildi. Onuň esasy maksady – tohum atlaryň genetik fonduny gorap saklamaklyk we halkara derejesinde olaryň üznüksiz önümçiligini giňeltmek we bu pudakda dünýä derejesindäki hyzmatdaşlygy güýçlendirmek bolup durýar. Şeýlelikde, türkmen bedewleriniň ösüş taryhynda täze eýýam başlanýar we dünýäniň köp ýurtlarynda alymlaryň we atçylaryň biziň “asman” bedewlerimize bolan gyzyklanmasy artyp başlaýar.

Gadymy at tohumlary özüniň “ahalteke” adyna eýe bolupdyrlar, “ahalteke” –  Ahal jülgesinden we “teke” türkmen taýpasyndan gelip çykypdyr. Ahalteke bedewi Türkmenistanyň Döwlet Tugrasyny hem bezeýär.

Türkmen halkynyň durmuşynda ahalteke bedewleriniň tutýan uly orny barada Gahryman Arkadagymyzyň: “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Atda wepa-da bar, sapa-da”, “Ganatly bedewler” atly ajaýyp kitaplarynda giňden gürrüň edilýär we bu kitaplarda ahalteke bedewlerimiziň gelip çykyşy, kämilleşmegi, milli atçylygyň däp-dessurlary barada giňden beýan edilýär.

“Atlara syratlylyk durmuşdan gelendir” diýlip, gadymy golýazmalarda aýdylýar. Gündogaryň beýik akyldary, alymy, şahyr Omar Haýýamyň “Nowruznama” eserinde şeýle hekaýa bardyr. Haçan-da, Muhammet Pygamberiň ýanyna at getirenlerinde, ol: “Beýik biribara minnetdarlyk bildirýärin. Ol maňa iki ýeliň üstünden höküm sürmeklige rugsat berdi. Olaryň birinjisi – janly, ikinjisi bolsa – jansyz. Olaryň birinde men ýerde çapyşýaryn, beýlekisinde bolsa – asmanda uçýaryn” diýip belleýär.

Takmynan dört müň ýyl mundan ozal gadymy Murgabyň kenarlarynda taryhy başlanan Marguş döwletiniň meşhur merkezi bolan Goňurdepede ahalteke bedewleriniň we alabaýyň häzirki zaman tohumlarynyň taryhyna şöhle saçýan birnäçe bürünçden ýasalan at arabalary, söweşjeň itleriň we atlaryň jaýlanan ýerleri tapylypdyr. Arheologiki barlaglar we gadymy ýazuw çeşmeleri Nusaýda we Köpetdagyň eteklerinde “ganatly bedewleriň” ösdürilip köpeldilendigine şaýatlyk edýär.

Gadym wagtlarda ahalteke atlaryny “nisiý atlary” diýip atlandyrypdyrlar. B.e. öň I müňýyllyklarda grek taryhçysy Gerodot olaryň owadanlygy we çydamlylygy barada ýatladyp geçipdir. Gadymy Nisanyň diwarlarynda ýerleşdirilen söweş sahnalarynyň suratlary biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr.

Türkmen edebiýatynyň klassyklary Mätäji, Mollanepes, Seýdi Gündogardan Günbatara çenli şöhratlanýan türkmen bedewleriniň güýjüni, duýgurlygyny we wepalylygyny wasp edipdirler. “Görogly” eposynyň milli gahrymany Gyrat barada gowy ýatlamalar halkyň aňynda saklanyp galypdyr:

 “Seni ýetmek üçin kuwwat gerek bor,

Seni uçup ýetmek üçin guş gerek bor,

Durmak we senden lezzet almak üçin

Iki sany göz gerek bor”

 Türkmen bedewleri – türkmeniň milli buýsanjydyr. “Suw – türkmeniň ýaşaýşy, haly – türkmeniň ýüregi, at – türkmeniň ganatydyr” diýip, türkmen parasatlylygy aýdýar. “Dädem Gorkut ” kitabynda biz:

“At diýmezden saňa, gardaş diýerem, Gardaşymdan eg.

Başyma iş geldi, ýoldaş diýerem, Ýoldaşymdan eg”

  – diýen setirlerini okaýarys.

 Gadymdan bäri türkmen atlarynyň keşbi Türkmenistanyň birnäçe sungat işgärleri üçin ruhy çeşme bolup durýar. Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň bürünçden ýasalan şekillerinde şekillendirilen atlaryň owadan, görmegeý syratlarynda olaryň janly joşgunlary beýan edilýär. Izzat Klyçewiň, Sergeý Beglýarowyň, Kamil Weliahmedowyň we beýlekileriň çeper eserlerinde (polotnolarynda) ahalteke bedewleri erkinligiň we gujur-gaýratyň janly nusgasy hökmünde biziň öňümizde durýarlar.

Atlar sazçylyk folklorynda has aýdyň wasp edilýär. Batyrlygyň, edermenligiň, hyjuwlylygyň we owadanlygyň nusgasy bolup durýan güýçli çapyksuwar Göroglynyň we onuň ganatly bedewi Gyratyň keşpleri bir ýere jemlenendir we olar lälelerde, toý aýdymlarynda we monjugatdylarda giňden peýdalanylypdyr.

Tüýdük üçin ýazylan türkmen halk aýdymy “Gyratym” eserinde (Merwde ýazylan), dutar üçin ýazylan “Atçapar” we “Gyrat, gel” eserlerinde (Tagtabazar), alym-derňewçiler W.Uspenskiýniň we W. Belýaýewiň “Türkmen sazy” kitabynda beýan edilýän saz nusgalarynda ajaýyp atlara bolan beýik söýgi we buýsanç beýan edilýär.

Türkmeniň ussat, görnükli kompozitorlary: Aman Agajykowyň “Ýigitler” fortepiano üçin pýesasynda, Weli Ahmedowyň dutar we halk saz gurallary orkestri üçin täzeden işlenen “Atçapan” türkmen halk sazynda, Çary Nurymowyň 11 saz guraly üçin ýazylan “Teke freskalary” eserinde, Baýram Hudaýnazarowyň “Çapyksuwar” fortepiano üçin tans eserlerinde ahalteke bedewleriniň simwolik keşbi özüniň ajaýyp şöhlelenmesini tapýar.

Türkmen atlary Türkmenistanyň halk artisti, görnükli kompozitor Nury Halmämmedowyň döredijiliginde iň bir esasy temalaryň biri bolup durýar (“Aýgytly ädim” kinofilmi üçin ýazylan saz we onuň iň görnükli bolan aýdymy Artygyň aýdymy).

 “Haçan-da aýal aty eýerleýär” (1974), “Atlaryň talanyşy” (1978), “Irdenki çapyksuwar” (1980) ýaly birnäçe çeper kinofilmleriň ajaýyp saz bezeglerini Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Rejep Rejepow döredipdir.

2002 – nji ýylda halk saz gurallary orkestri üçin “Dabaraly mukam” atly uwertýura ýazylýar. Bu eseriň awtorlary – ilkinji türkmen zenan kompozitory, Türkmenistanyň görnükli sungat işgäri Jeren Gurbangylyjowa we Türkmenistanyň halk artisti, mukamçy – kompozitor, dutarçy Oraz Annanepesowdyr. Sazçylyk eserinde özboluşly üýtgeýän metroritmika bilen beýan edilýän ahalteke bedewleriniň çalt ylgawy, olaryň ýeňil uçuş hereketleri, gyzgyn dem alşy ussatlyk bilen imitirlenýär. Kompozitorlar gyzykly orkestr usulyny peýdalanýarlar: saz gurallarynyň ýuwaş-ýuwaşdan artdyrylmagy, ýagny, ilki 1-3 depler, soňra ud, saz, ksilofon we jaňjagazlar goşulýarlar we olaryň bu dinamiki owazlanmasy uzakdan golaýlap gelýän at sürüsiniň toparyny emele getirýärler.

 Ahalteke bedewleriniň Güni – Türkmenistanyň iň bir owadan we özboluşly döwlet baýramçylyklarynyň biridir. Bu baýramçylykda hudožnikleriň, heýkeltaraşlaryň, kompozitorlaryň, şahyrlaryň, zergärleriň we halyçylaryň gatnaşmagynda döredijilik bäsleşikleri, şeýle hem, görmegeý bedewleriň gatnaşmagynda gözellik bäsleşikleri geçirilýär.     

Türkmenistan häzirki döwürde – joşgunly we güýçli depgin bilen ösýän Garaşsyz, Bitarap döwletdir we Merkezi Aziýanyň we bütin dünýäniň barlyşdyryjy merkezidir. Ahalteke bedewleri – ýurdumyzyň öňe gidişlikleriniň üstünliginiň nyşanydyr, olar halkyň beýik maksatlaryň we gönükdirmeleriniň nusgasy bolup durýar.

Häzirki döwürde ahalteke atçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmeklik üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Ýuliýa Jumaýewa, sazşynas, Lebap welaýat ýörite

sungat mekdebiniň  mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: