JEMGYÝET

Turkmenistan: Stansiýanyň mümkinçilikleri artdyrylýar

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenabat böleginiň 19-njy şahamçasyna degişli bolan «Türkmenabat ― 2» stansiýanda ýylyň birinji ýarymynda göz öňünde tutulan işler 110 göterim berjaý edildi.
Bu ýerde zähmet çekýän hünärmenleriň esasy wezipesi dürli ugurlar boýunça gelen demir ýol ulaglaryny kabul edip almak, degişli ugurlary boýunça bölmek we ugratmak bolup durýar. Stansiýadaky göreldeli zähmet bellenen borçnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine şert döredýär.
Bu işler üçin stansiýanyň çäginde umumy uzynlygy 7 müň 100 metre barabar bolan 3 sany demir ýol bölegi arkaly amala aşyrylýar. Stansiýada ýolbeletleriň dynç almagy we indiki gatnaw ugruna taýýarlanmagy üçin hem ähli şertler bar. Muňa garamazdan, şol mümkinçilikleriň gerimini has hem giňeltmek boýunça işler dowam etdirilýär.
.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: