Türkmenistan Serhetabat ― Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny 2025-nji ýylda tamamlamagy meýilleşdirýär
Türkmenistanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny şu ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 3-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde
aýdyldy.
Nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2025-nji ýyl üçin taýýarlanylan iş meýilnamalaryna laýyklykda, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan nebitgaz känlerini özleşdirmek, tebigy we ugurdaş gazy, nebiti we gaz kondensatyny çykarmak, suwuklandyrylan gazy öndürmek, türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna eksport etmek, nebiti çuňňur gaýtadan işlemek, nebit önümlerini içerki sarp edijilere we daşarky bazarlara ibermek wezipeleri göz öňünde tutuldy.
“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebite we gaza baý bolan gurluşlary ýüze çykarmak, gaty magdanlary we ýerasty suwlary gözlemek hem-de olaryň gorlaryny artdyrmak, ylmyň soňky gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak bilen baglanyşykly işleri alyp barmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, mawy ýangyjyň gory boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän “Galkynyş” gaz känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy şu ýyl durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulan iň möhüm wezipeleriň hatarynda bellenildi.