TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistan Russiýadaky ýagdaýlara alada bildirýär

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň rezidensiýasyna edilen hüjüm baradaky habarlar bilen baglylykda, türkmen tarapy halkara howpsuzlygyna we durnuklylygyna howp salýan şeýle hereketler babatynda alada bildirýändigini hem-de olary ýazgarýandygyny mälim etdi. Şeýle ýagdaýlaryň, aýratyn-da, gapma-garşylyklary gepleşikler arkaly kadalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan tagallalaryň dowam edýän şertlerinde ýol berilmesiz hasaplanýandygy nygtaldy.
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk derejesine eýe döwlet hökmünde Türkmenistan halkara meseleleriniň islendik görnüşini diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly çözmegiň zerurdygyny hemişe nygtaýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugy tarapyndan resmi beýanat ýaýradyldy.