TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistan pandemiýa garamazdan elektrik energiýasynyň eksportyny iki esse artdyrdy

2021-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Türkmenistan elektrik energiýasynyň eksportyny, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,1 esse artdyrdy. Bu barada Statistika baradaky döwlet komitetine salgylanyp.

Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly halkara söwdanyň çäklendirilmegi Tükmenistanyň elektrik energiýasynyň eksportynyň yzygiderli ösmegine zyýan ýetirmedi. Eksportyň ýokarlanmagyna itergi beren işleriň biri — şu ýylyň ýanwar aýynda 500 kW kuwwatlylygy bolan Kerki – Şibirgan ugry boýunça türkmen-owgan elektrik geçiriji liniýasynyň işe girizilmegi boldy.
2021-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Türkmenistanyň Energetika ministrligi içerki sarp ediş üçin elektrik energiýasynyň önümçiligini 6%, daşarky bazar üçin bolsa 12,9% ýokarlandyrdy.
Ýokary statistiki görkezijileri saklap galmak bilen, Energetika ministrligi möhüm maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň üstünde işleýär. Olaryň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TAP) elektrik geçiriji ulgamy, ýurduň “Ahal-Balkan” we “Balkan-Daşoguz” ýokary woltly asma elektrik geçirijisi, şeýle hem Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 432 MWt kuwwaty bolan gaz turbinaly elektrik bekedi bar.
Ýokarda agzalan taslamalaryň durmuşa geçirilmegi türkmen elektrik energiýasy pudagynyň ösüşinde öňegidişligiň gazanylandygyny görkezýär. Bu bolsa Türkmenistanda we Aziýada energiýa howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply