TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistan özüniň goranyş häsiýetli doktrinasyna ygrarlydygyna galýar

Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow işe girişmek dabarasynda eden çykyşynda yglan etdi.

Prezident: «Biziň goranyş häsiýetli doktrinany berjaý edýän milli Ýaragly Güýçlerimize döwletimiziň Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny goramakda, durnuklylygyny üpjün etmekde uly orun degişlidir. Bitarap Watanymyzyň goranmak kuwwaty halkymyzyň asuda we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şuny göz öňünde tutup, biz milli Ýaragly Güýçlerimiziň, beýleki harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary ederis. Bu edaralar üçin geljekde hem häzirki zamanyň iň kämil tehnikalaryny, beýleki zerur enjamlary satyn alarys. Harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrarys» diýdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: