Türkmenistan Özbegistana iberýän tebigy gazynyň möçberini artdyrar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirlen telefon arkaly söhbetdeşlikde ylalaşyldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak
we goldaw bermek, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda birnäçe
ýyllaryň dowamynda Özbegistan Respublikasyna tebigy gazyny iberýär.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri we doganlyk goňşy
döwletiň Baştutany gaz ulgamyndaky bilelikdäki işiň ýokary netijeliligini we
uzakmöhletleýin häsiýetini bellediler hem-de türkmen tebigy gazynyň
Özbegistana iberilýän möçberini artyrmak barada ylalaşdylar. Şeýle hem ýakyn
wagtda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bu ugurdaky bilelikdäki taslamalaryň
uly mümkinçilikleri nygtaldy.
Türkmenistan Özbegistana iberilýän gazyň möçberini artdyrar

06
Dec