Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisinde Owganystanyň ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna ynsanperwerlik kömegini ugratmak boýunça beren tabşyrygyndan ugur alnyp, goňşy ýurda Gaznanyň adyndan ynsanperwerlik kömegi ugradyldy.
Bu kömek köpsanly şikes ýetmelerine we uly weýrançylyklara getiren tebigy betbagtçylyga duçar bolan adamlara ruhy goldawdyr. Munuň özi goňşy ýurduň halkyna bildirilýän çuňňur hormatyň aýdyň nyşanydyr.
Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi
07
Nov
