Türkmenistan Owganystana ynsanperwer ýük ugratdy

Şu gün Türkmenabat halkara howa menzilinden «Türkmenistan» howa ýollary kompaniýasynyň ynsanperwer ýük ýüklenen «Il-76» transport uçary Owganystana uçdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilişi ýaly, ol Kabulyň howa menziline gondy.

Ynsanperwer ýük ýakynda güýçli ýer titremesi bolup geçen Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynyň ýaşaýjylaryna niýetlenendir. Onuň düzüminde azyk harytlary, dermanlar, arassaçylyk serişdeleri we gündelik ulanylýan hojalyk harytlary bar.

Ynsanperwer kömegi Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugyna laýyklykda iberildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector