SYÝASAT

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini berdi

14-nji dekabrda Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma, hojalyk  harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat bolan ynsanperwer kömegi ugradyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Mälim bolşy ýaly, Hökümetimiziň şu ýylyň 10-njy dekabrynda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň berilmegi hakynda Buýruga gol çekdi. Bu resminama «goňşy Owganystana ykdysady, durmuş hem ynsanperwer ugurlarynda ýardam hem-de hemmetaraplaýyn goldaw bermek babatynda alyp barýan işlerini ulgamlaýyn we yzygiderli esasda dowam etmek maksady bilen gol çekildi», diýlip Buýrukda bellenendir.

Resminama laýyklykda, şu gün türkmen tarapy doganlyk owgan halkyna Türkmenistanda öndürilen dokma önümlerinden, azyk senagatynyň harytlaryndan ybarat bolan 1,200 tonna mukdaryndaky dürli maksatly ýükleri, şol sanda nebit önümleri bilen doldurylan 20 sany demir ýol çeleklerini özünde jemleýän ynsanperwerlik kömeginiň gowşurylmagyny üpjün etdi.  

Bitarap Türkmenistanyň ulgamlaýyn esasda goňşy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigini, şeýle hem Owganystandaky ýagdaýlaryň diňe parahatçylykly ýollar bilen, syýasy-diplomatik serişdeleriň ulanylmagy arkaly çözülmegi ugrunda gyşarnyksyz çykyş edýändigini hem bellemek zerurdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: