TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistan Owganystan bilen demir ýol arkaly hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna gadam goýýar

Owganystanyň demirýol ulaglary boýunça jemgyýetçilik işlerine gözegçilik edýän ministriň
orunbasary Mohammad Ishak Sahibzade ýolbaşçylygyndaky tehniki wekiliýet Türkmenistanda saparda boldy. Bu barada owgan  metbugaty  habar berýär.
Owganystanyň demirýol edarasy bilen Türkmenistanyň “Türkmendemirýollary” agentiliginiň
arasynda ylalaşylan ähtnamalara laýyklykda,
– Turgundi demirýol stansiýasyny giňeltmek
– Akina-Andhoý demirýolunyň 10 kilometrlik böleginiň gurluşygyny tamamlamak
– 55 kilometrlik Andhoý-Şibergan demirýol liniýasynyň gurluşygy üçin tehniki-ykdysady
esaslanmalary işläp düzmek ýaly işler geçiriler.
Ýakyn döwürde gazanylan ähtnamalara laýyklykda, anyk şertnamalara gol çekilip, taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge girişmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistan köp ýyllardan bäri Owganystanyň demirýol ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna özüniň saldamly goşandyny goşup gelýär. Häzirki wagtda Turgundi demirýol stansiýasynyň çäklerinde ammar toplumynyň, şeýle hem Türgundi-Hyrat demirýolunyň birinji bölegi bolan 22 kilometrlik Turgundi-Sanabar ugrunyň gurluşygy alnyp barylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: