Türkmenistan öňümizdäki bäşýyllykda tebigy gazyň ýyllyk önümçiligini 100 milliard kub metrden geçirer
Türkmenistan 2029-njy ýyla çenli tebigy gaz önümçiligini 116 milliard kubmetre
ýetirmegi maksat edinýär. Bu barada Aşgabatda geçirilýän halkara nebitgaz
forumynda “Tükrmengaz” döwlet konserniniň müdirliginiň başlygy belläp
geçdi.
Onuň bellemegine görä, çykarylýan tebigy gazyň ýarysyndan gowragy eksporta
niýetlenendir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda,
tebigy gazyň önümçiligini 116 milliard kubmetre ýetirmek maksat edinilýär.
Rustem Tekaýew häzirki wagtda “Tükrmengaz” döwlet konserni tarapyndan
ykdysady ösüşe gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirýändigini belledi.
Olaryň hatarynda 118 kilometr uzynlygyndaky Şatlyk-Garagum gaz geçirijisiniň,
124 kilometr uzynlygyndaky Garagum-Malaý gaz geçirijisiniň, şeýle hem Baýip-
Derýalyk we Döwletabat-Derýalyk gaz geçirijileriniň aralygynda 58.2 kilometr
uzynlygyndaky gaz geçirijisiniň gurluşygy bar.