YKDYSADYÝET

Türkmenistan: «Mizemez gadam» hususy kärhanasy önüm öndürilişiniň möçberini artdyrýar

Şu ýylyň başyndan bäri «Mizemez gadam» hususy kärhanasynda 400 müň inedördül metr izogam öndürildi. Bu geçen ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende, iki esse gowrak köpdür. Has takygy, geçen ýylyň şu döwründe bu önümiň 189,87 müň inedördül metri çykarylypdy.

Kärhanada gurluşyk harytlarynyň öndürilişi barha artdyrylýar.  Eýýäm suwuk bitum mastikasynyň 2 müň 400 tonnasy sarp edijilere ugradyldy.  Geçen ýylyň degişli döwründe onuň 658,82 tonnasy öndürilipdi. Keramiki plitalary ýapyşdyrmak üçin niýetlenen gury ýelimiň hem 40 tonnasy çykaryldy. Bu geçen ýylyň birinji aýyndakysyndan dört esseden hem köpdür. Şonda bu harydyň 9,375 tonnasy öndürilipdi. Şonuň ýaly-da, ýylyň başyndan bäri 2 million 323 müň kerpiç hem öndürildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: