BIZE YAZYARLAR

Türkmenistan – milli ykdysadyýetiň çalt depginler bilen ösüşi

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasynyň» wezipelerine laýyklykda, Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty ählumumy strategik möhüm gural hökmünde dünýä we sebit döwletleri, şeýle hem abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir. Döwletiň milli ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen alnyp barylmagy we ulgamda ýokary tehnologiýalaryň we sanlylaşdyrma prosessleriniň ýaýbaňlandyrylmagy global ykdysady giňişligine we umumydünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşuluşmagyna güýçli itergi berýär.
Türkmenistan milli ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde dünýäniň dürli döwletleri bilen ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlyk etmäge, häzirki zamanyň öňdebaryjy bilimlerini we dolandyryş çözgütlerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýär. «Türkmenistanyň 2020-2025-nji ýyllar üçin daşary ykdysady işiniň ösüşiniň maksatnamasyny», «Türkmenistanyň 2021-2030-njy ýyllar üçin daşary söwda strategiýasyny» we söwda, ykdysadyýet hem-de maýa goýumlar ulgamlaryna degişli resminamalardan gelip çykýan çäreleri hem-de taslamalary amala aşyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu babatda, milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşine we ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýän oňyn halkara şertleri döretmek, dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmak, daşary ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, iri maýa goýumlaryny ýurdumyza çekmek ýaly wajyp wezipeler ileri tutulýar.
Türkmenistanyň halkara ykdysady işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri BMG-niň Ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirmäge işjeň we netijeli gatnaşmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň energetika we energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, hususan-da, wodorod energiýasy boýunça wajyp meseleleriň çözülmegi, azyk howpsuzlygy we beýleki ugurlar babatda halkara hyzmatdaşlyk has hem giňeldilýär.
Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek bolup durýar. 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüşiň ähli 17 maksadyny gazanmak boýunça borçlary öz üstüne alýan Türkmenistanda 2016-njy ýyldan başlap Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipelerini we görkezijilerini millileşdirmek, ählumumy maksatlary Türkmenistanyň şertlerine uýgunlaşdyrmak we olary ýurduň döwlet syýasatyna goşmak işleri başlandy. Şeýlelikde, ýurduň 2030-njy ýyla çenli ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan ösüşiniň wajyp ugurlary kesgitlenildi.
Ýurdumyz dünýä döwletleriniň arasynda özüniň ýangyja we elektrik energiýasyna bolan isleglerini öz hususy baýlyklary bilen doly kanagatlandyrýar, şeýle hem onuň ep-esli bölegini daşary ýurtlara çykarýar. Türkmenistan milli we umumadamzat bähbitlerine özüniň ägirt uly energetika mümkinçiligini netijeli peýdalanmaga örän jogapkärli çemeleşmäge ygrarlylygyny bildirýär hem-de bu ugurda anyk wezipeleri ýerine ýetirýär. Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hem ony dünýä bazaryna ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybarat bolup durýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek baradaky Kararnamalarynyň kabul edilmegi hem muňa aýdyň subutnamadyr.
BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň 2022-2028-nji ýyllar döwri üçin agzasy hökmünde ýurdumyz onuň çäklerinde hem degişli işlere başlady.
Daşary ykdysady ulgamda alnyp barylýan tagallalar ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryndaky ornunyň pugtalandyrylmagyna, täze bazarlaryň özleşdirilmegine hem-de eksport mümkinçilikleriniň we daşary ýurt maýa goýumlarynyň artdyrylmagyna, türkmen harytlarynyň we hyzmatlarynyň dünýä bazaryna çykarylmagyna, halkara we sebit ykdysady hem-de maliýe guramalarynyň mümkinçilikleriniň doly göwrümde peýdalanylmagyna, şeýle-de dünýäniň ykdysady we maliýe bileleşikleriniň öňünde ýurdumyzyň oňyn abraýynyň kemala getirilmegine gönükdirilendir.

ANNAÝEWA Aýgözel,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň
113-nji okuw toparynyň talyby.