Türkmenistan, Gazagystan we Özbegistan Merkezi Aziýanyň jemi içerki önüminiň 95 göterimini emele getirýär. Bu barada Ýewraziýa ösüş bankynyň (ÝÖB) «Makroykdysady çaklama 2025 — 2027» hasabatynda beýan edildi diýip, «nCa» ýazýar.
2024-nji ýylda Merkezi Aziýanyň jemi içerki önümi 500 milliard dollardan geçip
biler. ÝÖB-iň hasaplamalaryna görä, bu görkeziji 10 göterimden gowrak artar we 519 milliard dollara ýeter.
Hasabatda soňky iki ýylda daşarky kynçylyklara garamazdan, Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösýändigi bellenilýär.
Türkmenistan Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetinde uly orny eýeleýär

15
Jan