Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň merkezi kitaphanasynda «Milli mirasym — ruhy hazynam» atly döredijilik duşuşygy. Oňa mirasgärler we kitaphanaçylar gatnaşdylar.
Olar türkmen halkynyň milli mirasy, gadymdan galan gymmatlyklar, däp-dessurlar, sungat, olaryň şu günler öwrenilişi barada pikir alydylar. Şonuň ýaly-da, olar biziň günlerimize çenli saklanyp galan edebi we taryhy ýadygärlikleri öwrenmegiň, onuň ösüp gelýän nesli terbiýelemekdäki ähmiýeti barada hem gürrüň etdiler.
Duşuşyga gatnaşyjylar «Mirasymyz — mertebämiz» atly sergi bilen hem tanyşdylar. Onda amaly-haşam sungatyna degişli we beýleki gymmatlyklar goýlupdyr. Kitap sergisinde milli mirasa degişli kitaplar, metbugatda bu temada çap edilen makalalar, ylmy we çeper edebiýatlar goýlupdyr .
Medeniýet işgärleri milli mirasymyz bilen baglanyşykly döreden şygyrlaryny okadylar.
Türkmenistan: Lebap welaýatynyň Farap etrabynda döredijilik duşuşygy geçirildi

06
Jan