YKDYSADYÝET

Türkmenistan: Lebap welaýatynda ýeralmanyň ekişine badalga berildi

Lebap welaýatynda ýeralmanyň ekişine girişildi. Il sylagly ýaşulular ak pata bermek bilen, «Tebigy ekin» daýhan hojalygynyň ekin meýdanlarynyň birinde tohumlyk ýeralmanyň ilkinji kilogramlaryny ekdiler we bu ekiniň ekişine badalga berdiler. Olardan soň atyza ýeralma ekiji agregatly kuwwatly traktorlar girdiler.

Wajyp oba hojalyk işine badalga berilmezinden ozal Lebap welaýat häkimliginde ýeralma ekişine bagyşlanan maslahat boldy. Onda oba hojalygyny ösdürmäge degişli beýleki meselelere hem seretdiler.

Soňky ýyllara Lebap welaýatynda bakja, miwe we gök önümleriniň gowy hasyly ýetişdirilýär. Netijede ýylsaýyn içki bazar oba hojalygynda öndürilýän azyklyk önümlerden doldurylýar. Bu ýyl bu ekinler üçin bölünip berlen meýdanlaryň artdyrylmagy bolsa olardan alynýan hasylyň mukdarynyň hem köpelmegine mümkinçilik döreder. Şu ýyl bakja we gök önümlerini ekmek üçin 11 müň 670 gektar ýer bölünip berildi. Şonça meýdanyň 2 müň 300 gektaryna ýeralma ekiler. Onuň 1400 gektaryna bu ekiniň ýazky görnüşini, 900 gektaryna bolsa güýzki görnüşini ekmek göz öňünde tutulýar. Tomusda ondan 19 müň 600 tonna, güýzde bolsa 12 müň 600 tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.

Bu maglumatlary maslahatda getirdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: