TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistan köpçülikleýin habar beriş serişdelerini her ýyl geçirilýän Merkezi Aziýa konferensiýasyna çagyryldy

Türkmenistan 9-njy we 10-njy sentýabrda Daşkentde (Özbegistan) ÝHHG-niň wekilniň guramagynda geçiriljek köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 23-nji Merkezi Aziýa konferensiýasyna çagyryldy. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

Çärä Daşkent şäherinden çäklendirilen sandaky adamlar çagyrylar, galanlary bolsa oňa online görnüşinde gatnaşarlar.

Bu ýyl çäre ÝHHG-nyň sebitinde jemgyýetçilik gepleşikleriniň we görkezişleriniň gymmatlyklaryna, mümkinçiliklerine we strategiki dilemmalaryna bagyşlanar. Şonuň ýaly-da, konferensiýada sebitde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň erkinligi bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň hem birnäçesi beýan ediler. Oňa Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan we Özbegistandan, şonuň ýaly-da Mongoliýadan  100 töweregi döwlet edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, raýat jemgyýetleriniň we ylmy edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: