YKDYSADYÝET

Türkmenistan — Hytaýa turba geçiriji arkaly iň köp gaz iberýän ýurt

Pekini turba geçiriji arkaly tebigy gaz bilen esasy üpjün edijileriň arasynda Türkmenistan ýanwar – oktýabr aýlarynda birinji orny saklaýar. Bu barada HHR-iň Baş gümrük gullugyna (GTU) salgylanmak bilen, «TASS» habar berýär, diýip «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty ýazýar.

Bu müdirligiň maglumatyna görä, agzalan döwürde HHR Türkmenistandan 19,79 million tonna import edipdir. Hytaýa ugradylýan gazyň möçberi boýunça ikinji orunda Russiýa (5,94 million tonnadan gowrak), ondan soň Gazagystan (3,73 million tonna), soň bolsa Özbegistan (2,57 million tonna) we Mýanma (2,53 million tonna) gelýär.

GTU-nyň statistikasyna görä, Türkmenistan Hytaý ykdysadyýetiniň zerurlyklary üçin turba geçiriji gazyny üpjün etmekde 2020-nji ýylda-da öňdebaryjy bolupdy. Şonda onuň paýy Pekiniň bu energiýa göterijisiniň umumy importynyň 60%-ini (20,7 million tonna) düzýärdi. Şol döwürde Russiýa HHR-e takmynan 2,96 million tonna eksport etdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: