SYÝASAT

Türkmenistan Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitine taýýarlyk görýär

24-nji iýunda geçirilen hökümet maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Sammit 29-njy iýunda Aşgabatda geçiriler.

Aşgabat sammitiniň gün tertibine ileri tutulýan ugurlarda netijeli döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleriň toplumynyň girizilendigi habar berilýär. Şeýle hem, forumyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi hem aýdylýar.

28-nji iýunda Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň mejlisi hem geçiriler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: