SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenistan Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) ygtyýarly okuw merkezi bolmak hukugyny gazandy

Türkmenistan Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) ygtyýarly okuw merkezi bolmak hukugyny gazandy. Bu barada Türkmenistanyň Tennis federasiýasyna ITF-niň prezidenti Dewid Haggertiniň we ITF-niň ýerine ýetiriji direktory Luka Santiliniň gol çeken degişli şahadatnamasy gelip gowuşdy.

Bu resminama ITF bilen ylalaşyp, her ýyl tälimçiler üçin okuwlary guramaga, olaryň netijesinde tälimçileri hünär synagyndan geçirip, olara degişli resminamalary bermäge, ITF-niň nyşanyny ulanmaga hukuk berýär. Şahadatnamanyň güýji 2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenlidir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: