TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistan Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň Hökümetara geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy

2021-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş Konferensiýasynyň 41-nji mejlisinde Türkmenistan Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň Hökümetara geňeşiniň agzalygyna 2021-2025-nji ýyllar döwri üçin saýlanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň Hökümetara geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy döwlet tarapyndan durmuşa geçirilýän ekologiýa we suw diplomatiýasy bilen sazlaşykly utgaşýan suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak boýunça halkara we sebit hereketlerine işjeň gatnaşmak babatda ýurduň tagallalarynyň ýene bir aýdyň tassyknamasydyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: