Hormatly Prezidentimiz 13-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer G.Agajanowa ýüzlenip, 2026-njy ýylda nebitgaz toplumyny döwrebap ösdürmek boýunça anyk wezipeleri belledi. Olaryň hatarynda tebigy gazyň daşarky bazarlara iberilýän möçberini artdyrmak we ugurlaryny köpeltmek, nebit ýataklaryny netijeli özleşdirmek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly çäreler görkezildi.
Döwlet Baştutanymyz “Galkynyş” gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek işleriniň dowam etdirilmelidigini aýtdy. Şeýle-de “Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan” gaz geçirijisiniň gurluşygyny, aýratyn-da onuň möhüm bölegi hökmünde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat—Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny güýçli depginde alyp barmagyň zerurdygyny nygtady.
Mundan başga-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän zawodyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermek tabşyryldy.
Türkmenistan halkara gaz geçirileriniň gurluşygyny çaltlandyrar
17
Feb
