BIZE YAZYARLAR

Türkmenistan Halk Maslahatynyň mejlisine barýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemişelik Bitarap Türkmenistan daşary syýasat ulgamynda-da ýokary işjeňlik görkezip, Zemin degresinde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda taryhy başlangyçlary öňe sürýär. Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu ýurdumyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk dörediji daşary syýasatynyň özeni bolan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan üçünji gezek ykrar edilmesidir. Milli Liderimiz hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülýän parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlar halkara jemgyýetçilikde giň goldawa eýe bolýar. Şanly ýylyň 5 —8-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi. Halkara jemgyýetçiligiň giň gyzyklanmasyna eýe bolan forumda 2024— 2034-nji onýyllyk üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Indi bolsa altyn güýze alyn dirän ýylyň jemlerine baha bermek we geljek döwür üçin maksatlary kesgitlemek pursady barha golaýlaýar. Nesilbaşymyz Oguz handan gözbaş alýan, ondan soňraky türkmen şadöwletlerinde dowam etdirilen bu asylly ýörelgäniň aýdyň mysaly bolsa her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda giň gerimde geçirilýän Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň mejlisidir. Ol bu ýyl 19-njy sentýabrda geçiriler. Öňde duran umumymilli foruma ýokary derejede taýýarlyk görmek barada 20-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde jikme-jik gürrüň edildi hem-de degişli çözgütler kabul edildi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, halkymyz Garaşsyzlyk toýuny uly zähmet üstünliklerine besläp, buýsançly garşy alýar. Sebäbi bu sene agzybir halkymyz üçin aýratyn ähmiýetli, her birimizi täze, belent maksatlara galkyndyrýan şanly wakadyr. Mejlisde «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, mejlisiň geçiriljek senesini kesgitlemek, guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklamak
hakynda degişli resminamalar kabul edildi.
Gahryman Arkadagymyz mejlisde öňde duran Halk Maslahatyna taýýarlyk görmek baradaky işlere resmi badalga berilýändigini yglan etdi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara çäreler
yzygiderli geçirilýär. Şu ýylyň 12-nji dekabrynda ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumy hem-de beýleki çäreler geçiriler.

Gülşirin ŞAÝYMOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
talyby.