Türkmen telekeçileri Stambul şäherinde geçiriljek halkara “Halal Expo 2025” sergisine gatnaşmaga taýýarlanýar. Bu iri möçberli çärä ýurdumyzyň oba hojalyk, azyk, dokma, plastik önümlerini öndürýän, şeýle hem ulag-logistika we syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürleýän telekeçileriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Bu barada hormatly Prezidentimize Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew habar berdi.
Sergä gatnaşmak türkmen harytlarynyň daşary ýurt bazarlarynda tanalmagyna, täze hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň açylmagyna we ýurdumyzda eksport kuwwatynyň artmagyna giň ýol açar. Şeýle hem telekeçilerimiziň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge mümkinçilik döreder.
Hormatly Prezidentimiz teklibi makullap, degişli taýýarlyk işleriniň ýokary derejede geçirilmegini tabşyrdy.
Türkmenistan “Halal Expo 2025” sergisine gatnaşar
06
Sep

