Türkmenistan geçen sekiz aýda tebigy gazyň 31 milliard kub metrini eksport etdi
2021-nji ýylyň sekiz aýynda Türkmenistanda çykarylan tebigy we ugurdaş gazyň möçberi 55 milliard kub metrden aşdy. Bu bolsa geçen ýylyň şu döwründäkisinden 10,4 milliard kub metr köpdür. Bu barada «Türkmenistan.Altyn asyr» saýty habar berýär.
Tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak köp derejede dünýä bazarlarynda «mawy ýangyja» bolan islegiň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Mysal üçin, Türkmenistan 31 milliard kub metr gazy eksporta iberdi, bu bolsa 2020-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlaryndakysyndan 8,3 milliard kub metr köpdür.
Türkmen gazynyň esasy alyjysy Hytaýdyr. Merkezi Aziýa ‒ Hytaý gaz geçirijisi arkaly ýylda 40 milliard kub metr gaz akdyrylýar, onuň umumy geçirijilik ukyby bolsa 55 milliard kub metrdir. Bu energetika «şaýolunyň» işe girizilen pursadyndan bäri, Türkmenistanyň gaz ýataklaryndan HHR-e harytlyk gazyň 300 milliard kub metri iberilipdir.
Eksport bilen bir hatarda ýurduň içerki bazarynda-da «mawy ýangyja» isleg artýar. Bu, soňky ýyllarda Türkmenistanda täze gaz turbinaly elektrik beketleriniň we gazy gaýtadan işleýän toplumlaryň, şol sanda Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işe girizilmegi bilen şertlendirilendir.