YKDYSADYÝET

Türkmenistan Eýrana we Azerbaýjana tebigy gaz iberip başlady

Täze 2022-nji ýylyň gelmegi bilen, Türkmenistan Eýran we Azerbaýjan bilen baglaşylan şertnama laýyklykda tebigy gaz iberip başlady. Bu barada Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine salgylanmak bilen, «orient.tm» ýazýar.

Türkmenistandan Eýrana her gije-gündizde 4—4,5 million kub metr «mawy ýangyç» iberilýär. Ýylyň dowamynda Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana 1,5—2 milliard kub metr töweregi gaz iberilmeli. «Mawy ýangyjy» ibermek baradaky üç taraplaýyn şertnama Aşgabatda geçen ýylyň 28-nji noýabrynda gol çekilipdi. Kontrakt sebitiň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekdäki we goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekdäki nobatdaky ädim boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: