TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistan energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ornaşdyrmagy meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda döwletimiň elektrik energetikasy pudagyna köp möçberde maýa goýumlar gönükdirjekdigini aýtdy. Türkmen energiýa serişdelerini daşarky bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişi artdyrylar we ony ibermegiň ulgamy kämilleşdiriljekdigini hem belledi.

Şonuň ýaly-da, geljekde ýurtda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, şol sanda Gün batareýalaryny öndürmegi giňden ýola goýmagyň we ornaşdyrmagyň hem meýilleşdirilýändigi barada hem durup geçdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: