BIZE YAZYARLAR

Türkmenistan elektrik energiýany köp öndürýän we eksport edýän ýurt

Türkmenistanyň elektrik energiýasy pudagynyň we eksport mümkinçiliginiň şeýle çalt ösmegi soňky ýyllarda amala aşyrylýan maksatly syýasatyň netijesidir. Bu pudaga uly möçberde maýa goýulýar, dünýäniň tehnologiýa taýdan ösen ýurtlary bilen bilelikde uly göwrümli taslamalar durmuşa geçirilýär, täze elektrik desgalarynda innowasion, ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalar ulanylýar.

Ýurduň energiýa ulgamynyň umumy kuwwatyny Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde gurlan we sebitde asla meňzäri ýok 1574 megawatt kuwwatly birleşdirilen bug-gaz elektrik stansiýasy ýaly täsin desgalar artdyrylyp, gidroelektrik stansiýasynyň jemi kuwwaty iki esse köpeldildi. Ýakyn geljekde bug we gaz turbinalaryny ulanmak bilen, Ahal hem Daşoguz welaýatlaryndaky elektrik beketlerini garyşyk režime geçirmek meýilleşdirilýär.

2021-nji ýylda Türkmenistanyň Çärjew etrabynda ýerleşýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde “Sumitomo Corporation” we “Mitsubishi Hitachi Power” we “Rönesans Holding” türk şereketiniň gatnaşmagynda gurlan täze gaz turbinaly elektrik bekedi işe girizildi. Onuň işe girizilmegi bilen, ýurduň energiýa ulgamynyň kuwwaty ýene 432 megawat artdy, bu bolsa içerki sarp edijileriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrdy we Merkezi Aziýadaky goňşy ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan sebitde iň uly elektrik eksportçysydyr. Ol indi köp ýyl bäri ýurduň sarp edýän energiýasynyň ýarysyny Merkezi Aziýadan alýan Owganystany arzan bahadan elektrik energiýasy bilen üpjün edýär.

Türkmenistandan Özbegistana elektrik energiýasyny ibermek 2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda “Türkmenenergo” we “Özbegistanyň Milli elektrik torlary” şereketleriniň arasynda baglaşylan şertnama we oňa goşmaça ylalaşyklara laýyklykda amala aşyrylýar.

2023-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Türkmenistan elektrik energiýasynyň öndürilişini we eksportyny ep-esli ýokarlandyrdy. Bu barada GDA-nyň Elektrik energetikasy geňeşiniň Ýerine ýetiriji komiteti habar berdi.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň habaryna görä, elektrik energiýasynyň önümçiliginiň ösüş depgini 105,8 göterime, eksporty bolsa 106,3 göterime barabar boldy.

Önüm öndürmegiň we ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy edara tarapyndan 110,1 göterim ýerine ýetirildi. Häzirki wagtda Türkmenistan Owganystana, Eýrana, Gyrgyzystana we Özbegistana elektrik energiýasyny eksport edýär.

2025-nji ýyla çenli Türkmenistanyň elektrik energiýasynyň eksportynyň mukdaryny 8,7 göterim ýokarlandyrmagyna garaşylýar. Bu maksat bilen ýurt täze elektrik stansiýalaryny, elektrik geçiriji liniýalaryny, häzirki zaman transformator podstansiýalaryny we energiýa paýlaýyş desgalaryny gurmagy meýilleşdirýär.

Mahtymow Rejep Hudaýbergenowiç

“Türkmenhimiýa”döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: