TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistan «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisine gatnaşýar

Birleşen Arap Emirliklerinde «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň  dabaraly açylyşy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendi.

Bütindünýä sergisine ýüzden gowrak döwlet gatnaşýar, Türkmenistan hem onda özüne mynasyp orun tutýar. Ýurdumyzyň milli äheňde bezelen pawilýony halkymyzyň ýörelgelerini we medeniýetini beýan edýär. Türkmen sergi merkeziniň girelgesinde myhmanlary ençe asyr bäri milletiň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri garşylaýarlar.

Türkmenistanyň gazananlary multimediýa tehnologiýalary arkaly beýan edilýär. Elektron ekranlarda halkymyzyň haly sungatynyň eserleri, ahalteke bedewleri we eziz Diýarymyzyň beýleki baýlyklary barada wideoşekiller görkezilýär. Interaktiw gologramma giren her bir adama türkmen pagtasynyň we gallasynyň «sanly» hasylynyň ösüşine syn edip biler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: