MEDENIÝET

Türkmenistan: dutar ussalary özleriniň işlerini sergide goýdular

Lebap welaýatynyň medeniýet müdirliginiň medeniýet merkezinde dutar ussalarynyň işleriniň sergisi guraldy.

Ussalar taýýar saz gurallaryndan başga-da, dutar ýasamak üçin ulanýan materiallaryny, iş gurallaryny goýdular. Olar haýsy agaçdan dutar ýasamak üçin kesindileri alýandyklary, olary işlemäge nähili taýýarlaýandyklary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şonuň ýaly-da, dutar ýasaýyşlaryny görkezdiler.

Şeýlelikde, sergä gelenler dutaryň we gyjagyň ýasalyşy barada doly maglumatlary aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: