Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisine gatnaşyp, çuňňur many-mazmunly çykyş etmegi her birimizde uly şatlyk döretdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň orta atan umumadamzat bähbitli başlangyçlary bolsa dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan üns berilmäge mynasypdyr.
Ilkinji nobatda, Türkmenistan 80-nji mejlisiň aýratyn gün tertibine «Bitaraplyk ― parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine» mowzugyny girizmek baradaky başlangyjy öňe sürýär. Şeýle hem biziň ýurdumyz «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we wajyplygy» atly Kararnamanyň taslamasyny hödürleýär.
Biziň döwletimiz tarapyndan halkara giňişliginde orta atylan başlangyçlaryň arasynda BMG-niň howandarlygynda halklaryň arasynda parahatçylyk, ynanyşmak hem-de özara hormat goýmak medeniýetiniň meseleleri boýunça bütindünýä sammitini geçirmek başlangyjy hem bar. Türkmenistan Halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksini işläp taýýarlamagyň hem möhümdigini öňe sürýär.
Şu we beýleki başlangyçlar ýurdumyzyň Bitarap döwlet hökmündäki borçlaryna ygrarlydygyny ýene bir ýola görkezip, tutuş adamzady parahatçylyga çagyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Goý, hormatly Prezidentimiziň BMG-niň belent münberinden orta atan başlangyçlary myrat tapsyn!
Türkmenistan dünýäniň belent münberinde
26
Sep

