Göz guwanjym, sen watanym
Asuda daňym atanym
Seň bilen bagta batanym
Türkmenistan diýarymyz
Täze şäher ýalkym saçýar
Ýaşlaryna gujak açýar
Dabarasy daglar aşýar
Türkmenistan diýarymyz
Hemişelik bitarapdyr
Watanym bagtyň nurudyr
Geçmişine ser salyp dur
Türkmenistan diýarymyz
Türkmeniň ykbaly şowly
Dowam edýär däp-dessury
Saýlar mydam dogry ýoly
Türkmenistan diýarymyz
Ynsanperwerlik ýörelge
Rowana rowaş ýollarda
Ýaşaýas bagtly günlerde
Türkmenistan diýarymyz
Köp milletli meniň ýurdum
Buýsançdan doludyr kalbym
Taryp edip aýdýan aýdym
Türkmenistan diýarymyz
Arkadagly bagtly ýaşlar
Hyjuw bilen okaýarlar
Joşup goşgular ýazýarlar
Türkmenistan diýarymyz
Ýaňlanýar dostluk aýdymy
Agzybirligiň nyşany
Baky bitaraplyk ýaňy
Türkmenistan diýarymyz
Asyrlardan bäri gelýär
Ähli işler geňeşilýär
Watan günsaýyn özgerýär
Türkmenistan diýarymyz
Arkadagly Serdarymyz
Aýdymça hak howandarmyz
Arkadagdan bar arkamyz
Türkmenistan diýarymyz
IMAMOWA Selbi,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň III-nji ýyl talyby
“Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Ilkinji
Guramasynyň” talyp hakynyň eýesi