BIZE YAZYARLAR

Türkmenistan Diýarym!

Dost-doganlar ýurdy Türkmenistanym,
Köçeleri hatar bagy-bossanym,
Aýdym etsem, bolar tutuş dessanym,
Türkmenistan- eziz watanym meniň!

Ajap ýatlamalar galar ýaşlarda,
Diňe şatlanmalar bolar ýatlarda,
Ýokdur beýle durmuş, başga ýurtlarda,
Türkmenistan- eziz watanym meniň!

Çar tarapam myhman gelýär Diýara,
Çölleri meňzeýär, elwan gülzara,
Minnetdar biz, Arkadagly Serdara,
Türkmenistan- eziz watanym meniň!

Türkmen halky myhmansöýer geçmişden,
Orny törden myhman gelse işikden,
Mahsus bize muny bilmek ýaşlykdan,
Türkmenistan- eziz watanym meniň!

Arkadagly Serdarymyz biz bilen,
Gahryman Arkadagyň, yhlasy siňen,
Türgenlermiz bütin dünýäde ýeňen,
Türkmenistan- eziz watanym meniň!

At-abraýy arşa galýar gün-günden,
Özgerip dur watanym ýylba-ýyldan,
Ýaşlar nusga alýar Arkadagymdan,
Türkmenistan- eziz watanym meniň!

IMAMOWA Selbi,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby.