SPORT WE SYÝAHAT

Turkmenistan: «Demirýolçy» ýaryşyň başyny çekýär

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Birinji ligasynyň Lebap welaýaty boýunça zolagynda şu ýylky çempionlyk üçin sekiz topar ýaryşýar. Ýakynda zolaklaýyn ýaryşyň 5-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.
Olarda «Demirýolçy» «Köpetdagy» 4:2, «Miras» «Garagumy» 4:1, «Çarjew» «Faraby» 6:1 hasabynda ýeňdi. «Derýaçy» bilen «Amyderýanyň» arasyndaky duşuşyk bolsa 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.
Yzda galan bäş tapgyrda dört duşuşyk geçirip, şolaryň ýekejesinde-de utuk ýitirmedi «Demirýolçy» 12 utuk bilen ýaryş tertibiniň başyny çekýär. Edil öňdebaryjy ýaly dört duşuşyk geçiren «Derýaçyda» bolsa 10 utuk bar. Ýaryşyň ilkinji üçlügini bäş duşuşykda 9 utuk toplap bilen «Çärjew» topary jemleýär.
Çempionatda 6-njy tapgyryň duşuşyklaryna 10-njy iýulda badalga berler. Şol gün «Çärjew» «Amyderýany» kabul eder. 11-nji iýulda bolsa «Köpetdag» ― «Garagum» we «Miras» ― «Farap» duşuşyklary geçiriler. Tapgyr 12-nji iýulda geçiriljek «Derýaçy» ― «Demirýolçy» duşuşygy bilen tamamlanar. Jemleýji duşuşyk, şol bir wagtyň özünde, tapgyryň esasy duşuşygy bolar.
Garşydaşlarynyň derwezesinden netijeli urgularyň 5-sini geçiren “Farap” toparynyň oýunçysy Zakir Romanow iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda öňdeligi eýeleýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: