Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Türkmenistan DÇ-2022-niň saýlama tapgyryny Liwany ýeňip tamamlady

Jun 10, 2021

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Günorta Koreýanyň Koýan şäherinde Dünýä çempionaty-2022-niň we Aziýanyň Kubogy – 2023-iň saýlama tapgyrynyň altynjy duşuşygynda Liwanyň ýygyndysyny ýeňdi.

Duşuşyk 3:2 hasabynda tamamlandy. Milli ýygyndymyzyň düzüminde ýeňiş pökgüsini «Altyn Asyryň» hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew geçirdi.
Türkmenistanlylar jemi 9 utuk toplap, Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda çykyşyny tamamlady. Emma gazanylan netije ildeşlerimize 2023-nji ýylda Hytaýda geçiriljek Aziýanyň Kubogynyň saýlama tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik berýär.

Adblock
detector