TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň taslamasyny kabul etmek baradaky başlangyjy öňe sürmegi göz öňünde tutýar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň taslamasyny kabul etmek baradaky başlangyjy öňe sürmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

Milli Liderimiz çykyşynda 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleýji resminamasynda beýan edilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara başlangyçlarynyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň strategik maksatlaryna gabat gelýändigini belledi.

Biziň pikirimize görä, munuň özi geljekde bilelikdäki iş üçin uly giňişligi açýar. Şunuň bilen baglylykda, ŞHG-ä gatnaşyjy döwletler tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak» atly Kararnamasynyň taslamasynyň goldanylmagy möhüm ädim bolardy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Türkmenistan bu resminamany kabul etmek baradaky başlangyjy Baş Assambleýanyň 76-njy mejlisiniň barşynda öňe sürmegi göz öňünde tutýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: