Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi internet sahypasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin beýanat ýerleşdirildi. Onda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistanyň daşary syýasatyny halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda amala aşyrýandygy nygtalýar.
Beýanatda Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň esasy ýörelgeleriniň biri hökmünde döwletleriň çäk bitewüligine hormat goýmagyň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň tutuş Hytaýa wekilçilik edýän ýeke-täk kanuny Hökümetdigini, Taýwanyň bolsa Hytaýyň çäginiň aýrylmaz bölegidigini ýene bir gezek tassyklaýar.
Şeýle hem Türkmenistanyň «Bitewi Hytaý» syýasaty babatda öz ýörelgeleýin garaýşyna berk eýerýändigi, «Taýwanyň garaşsyzlygy» bilen bagly islendik görnüşlere garşy çykyş edýändigi beýanatda aýratyn görkezilýär. Türkmenistan Taýwan bogazynyň iki kenarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň parahatçylykly ösdürilmegini, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň ýurdy birleşdirmek ugrunda edýän tagallalaryny goldaýar.
Türkmenistan «Bitewi Hytaý» syýasatyna ygrarlylygyny dowam etdirýär
20
May

