TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň arasyndaky 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlyk meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) arasynda howpsuzlyk, ykdysadyýet we ynsanperwer ugurlary öz içine alýan 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy amala aşyrylar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji fewralda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Täze meýilnama öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmek, kiberhowpsuzlygy ýokarlandyrmak we ekologik meseleleri çözmek ýaly wajyp çäreleri öz içine alýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyny makullap, ÝHHG bilen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagy we sebitleýin hem-de dünýä derejesindäki durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary dowam etdirmegi tabşyrdy.