TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmak boýunça ylalaşyk gazanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaitiniň arasynda geçirilen sammitiň jemleri boýunça Bilelikdäki metbugat beýanatynda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmak boýunça işleri işjeňleşdirmek barada ylalaşyk gazanylandygy habar berildi. Bu başlangyç Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmäge, şeýle-de ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilikleri açar.
Gepleşiklerde sebitara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň dünýä bazarlaryndaky orunlaryny giňeltmek maksady bilen Transhazar halkara ulag geçelgesi boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de ozal Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda göni howa gatnawlaryny gaýtadan dikeltmek barada ylalaşyk gazanylandygy bellenildi.