Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda awiagatnawlaryň ýola goýulmagyna garaşylýar
Ýakyn geljekde Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda uçar gatnawynyň ýola goýulmagy ahmal. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.
Şeýle ylalaşyga Türkmenistanyň wekiliýetiniň 13 ― 16-njy dekabr aralygynda Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň dowamynda gelindi.
Saparyň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara, şol sanda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Awiasiýa häkimýetleriniň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmak boýunça gepleşikler geçirildi we onuň netijeleri boýunça degişli resminama gol çekildi.