TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi

2025-nji ýylyň ýanwar–noýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara haryt dolanyşygy 1 milliard 64,4 million ABŞ dollaryna ýetdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 33 million dollar köp bolup, söwda gatnaşyklarynyň barha ösýändigini görkezýär. Hasabat döwründe Türkmenistan goňşy ýurda 926,2 million dollar möçberinde haryt eksport edip, Özbegistanyň haryt importynda 8-nji orny eýeledi.
Şol bir wagtyň özünde, Özbegistandan Türkmenistana import edilen harytlaryň we hyzmatlaryň bahasy 138,2 million dollara deň bolup, geçen ýylka garanyňda 27,8 million dollar artdy. Esasan hem şu ýylyň noýabr aýynda söwda dolanyşygynyň ep-esli ýokarlanandygy (187,6 million dollar) hasaba alyndy. Bu sanlar iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly we okgunly ösýändigini subut edýär.