TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda dürli pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşyga gelindi

«Orient.tm»-niň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň we Özbegistanyň baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Şawkat Mirziýoýewiň arasynda dürli pudaklarda, şol sanda awtomobilleri ýygnamak, elektrotehniki önümleri we durmuşy tehnikalary, himiýa harytlaryny, gurluşyk materiallaryny öndürmek, pagta süýümini gaýtadan işlemek hem-de miwe, gök önümleri we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşyga gelindi.

Degişli «ýol kartasyny» taýýarlamak hakynda karar kabul edildi. Ony döretmek iki taraplaýyn hyzmatdaşlyk baradaky Hökümetara toparynyň başlyklaryna tabşyryldy. Şonuň ýaly-da, ol duşuşygyň dowamynda gelnen ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň anyk mehanizmlerini hem beýan eder.

Döwlet baştutanlary özara ulag hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, üstaşyr geçelgeleri ösdürmek, Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň ajaýyp mümkinçiliklerinden peýdalanmagy giňeltmek barada ylalaşyga geldiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: